Sepleriň elýeterliligi

Prezident 'walýutanyň azalmagyndan' nägilelik bildirýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni ýurt gaznasyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň azalýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Amandurdy Işanowa berk käýinç berdi.

Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstünden Angliýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçilerine dürli önümler satylýar.

Türkmen mediasy Berdimuhamedowyň şu ýylyň birinji çärýeginiň tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilmedik ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem käýinç yglan edendigini habar berýär.

Emma hökümet mejlisinde yglan edilen we metbugatda çap edilen sanlara ynanylsa, Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe azyndan 60 gezek söwdalaşyk guralypdyr. Şol söwdalar netijesinde umumy bahasy 5 milliard manada golaý şertnamalaryň 2834-si bellige alnyp, girdejiniň umumy möçberi 19 million manada deň bolupdyr.

Has anygy, prezidente berlen hasabatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öz öňünde goýlan plany 165,3 göterim ýerine ýetirendigi aýdyldy.

Mundanam başga, tankyt edilýän beýleki döwlet edaralaryndan tapawutlylykda, Döwlet haryt-çig mal biržasy öz geçirýän söwdalary barada metbugatda hem yzygiderli habar berip durýar.

Mysal üçin, türkmen metbugaty 3-nji aprelde bu biržada ABŞ-nyň 50 million 866 dollary möçberinde 54 geleşigiň bellige alnandygyny habar berdi.

Türkmen mediasynyň 27-nji martda beren maglumatynda aýdylamagyna görä bolsa, Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27 million 960 müň dollar möçberinde 28 geleşik baglaşyldy. 20-nji martda çap edilen maglumatlar türkmen biržasynyň 23 million 138 müň dollar möçberinde 40 geleşik baglaşandygyny görkezýär.

Emma prezident Berdimuhamedow biržanyň ýaramaz işleýändigini, gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň azalýandygyny aýtdy.

Döwlet baştutanynyň tassyklamagyna görä, biržada alnyp barylýan işleriň netijeliligi pes, birža söwdalary resmileşdirilende dürli päsgelçilikler ýüze çykýar, eksport söwdalarynyň möçberleri kanagatlanarsyz bolmagynda galýar.

Mejlisde Işanowa, eger-de “ýol beren kemçiliklerini ýakyn wagtda düzetmese”, işinden boşadyljakdygy hem duýduryldy.

Azatlygyk radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesiniň iki hepde mundan öň beren maglumatyna görä, soňky wagtlar türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynda resmi bellige almazdan söwdalaşmak we daşary ýurtlara çig mal satmak faktlary, ýagny galp gazanç etmek emeli gürelýär. Emma bu aýdylýany başga çeşmeler arkaly tassyklap bolmady.

Dünýäde energiýa nyrhlarynyň peselmegi, galyberse Orsýet, Eýran bilen aradaky gaz söwdalarynda dörän ýagdaýlar bilen baglylykda türkmen prezidenti importy azaldyp, eksporty köpeltmegi, ýagny ýurda altyn pulda girdeji getirmegi barha köp talap edýär.

Çarşenbe güni geçirilen mejlisde ol ministrleriň we pudak ýolbaşçylarynyň indiden eýläk her hepde eksportlyk harytlary öndürmek boýunça hasabat bermeli boljakdygyny, iş başarmadyklaryň wezipesinden aýryljakdygyny duýdurdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG