Sepleriň elýeterliligi

Hünärment mekdepleri tamamlanlar işe ýerleşmekde kynçylyk çekýär


Türkmen studentleri.

Türkmenistanda hünärment mekdeplerini gutaryp, hünär alan ýaşlar işe kabul edilmeýärler. Soňky bir ýylyň dowamynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda kabul edilmedik bu kanun barada ýaş hünärmenlere göni aýdylýandygy hakda maglumatlar bar.

Çagalaryny ýokary okuw mekdeplerine okuwa ýerleşdirip bilmeýän ýönekeý ilatyň çagasyna bilim-hünär bermek üçin ýapyşalgasy bolup durýan hünärment mekdepleriniň hem çykdaýjysynyň az-küş däldigi aýdylýar.

Ahal welaýatynyň Arçman obasynyň ýaşaýjysy Ogulbike daýzanyň aýtmagyna görä, hünärment mekdeplerinde çagasyny okatmak üçin, ýönekeý halkyň edýän çykdaýjysy maşgala agram salýar.

Onuň sözüne görä, Aşgabatdaky 7-nji hünärment mekdebinde gyzyny okatjak bolup, iki sany süýtli sygryny satypdyr. Ol iki sygryň bahasy tanyş-bilişleriň üsti bilen gyzyny okuwa ýerleşdirmek üçin berilýän paranyň hasabyna gidipdir.

Okuw başlanandan soňra hem 10 aýlap, her aýda okuwa diýip, 190 manat töläpdir. Beýleki okuw mekdepleri ýaly, 10 aýlap çärelere hem gatnaşmaly bolan gyzy hasapçy-kompýuterçilik hünärini ele alandygyna indi iki ýyl bolsa-da, ol hiç bir ýerden iş tapyp bilmändir.

Ilki başda oňa iş orny bolanda aýdarys diýip, hoş söz beren bolsalar-da, boşan iş orunlaryna hatda okuwy ondan soňra gutaran ýaşlardan işe kabul edilenleriň bolandygynyň faktlary bilen ýüzbe-ýüz bolan ýaş gyz parasyz işe girip bilmejegine göz ýetiripdir.

Işe girmek üçin soňky bir ýylda ýüz tutan gapylaryndan bolsa: “Hünärment mekdeplerini okap gutaran ýaşlary indi işe kabul etmeli däl, bize şeýle görkezme berildi. Hünärment mekdepleriň diplomlary indi ýöremeýär, işe girmek isleseňiz tehnikumlary okaň” diýip, açyk jogap beripdirler.
Emma şeýle kararyň nirede kabul edilendigini oňa aýtmakdan ýüz öwrüpdirler.

“Hünärment mekdeplerine okuwa ýerleşdirjek bolsaň, bir müň dollary talap edýärler. Şol bir müň dollary jemlejek bolup, mal-garamdan aýryldym. Tehnikumlara ýerleşmek üçin talap edilýän 6-7 müň dollary öýümi sataýsam-da jemläp biljek däl” diýip, Ogulbike daýza ozalky eden çykdajylarynyň ýele sowrulandygyny aýdýar.

Aşgabat şäherinde bu hünärment mekdeplerini okap gutaran ýaşlardan, bir müň dollar para berip, sosial-üpjünçilik bölümine işe ýerleşip, bir ýyldan soň ştat kemeltme sebäpli işsiz galynan faktlaryň, sürüjilik okuw mekdebiniň edara jaýyna işe durmak üçin, dört müň manat para berip, 6 aýdan soň ştat kemeltmä düşen işgärleriň bardygy hakda hem maglumatlar bar.

Hünärment mekdeplerini gutarýan ýaşlar işe alynmasa-da, hünärment mekdepleri bu ýyl hem ýaşlary okuwa kabul etmäge eýýämden taýýarlyk görüp, oňa girmeli okuwçylaryň eýýämden sanawy düzülendigi barada hem ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, şu ýylyň 23-nji martynda Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň altmyş prosente golaýlandygyny habar berdi.

Çeşme bu habary golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynda bolan maslahatda, hökümet başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew bilen bankyň başlygynyň arasynda bolan sorag-jogaba salgylanyp aýtdy.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derejesi barada statistiki maglumatlary çap etmeýär. Emma muňa garamazdan, garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýurtda işsizleriň sanynyň artýandygy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG