Sepleriň elýeterliligi

Fillon: "Ymamlaryň taýýarlanyşy berk derňelmelidir"


Francois Fillon

Fransiýanyň prezidentligine dalaşgär Francois Fillon ýurtda yslam barada berk derňewiň ýola goýulmagyna çagyryş edýär.

"Fransiýada musulmanlaryň dini barasynda döwletiň berk gözegçiligi ýola goýmagyny isleýärin. Şol bir wagtyň özünde Fransiýadaky yslam merkezleriniň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegi we ymamlaryň taýýarlanmagy hem berk derňelmelidir" diýip, Fillon belleýär.

"TASS" habar gullugynyň 30-njy martda ýaýradan maglumatyna görä, prezidentlige dalaşgär Fillon muny TRL radiosynda geçiren söhbetdeşliginde aýdýar.

Francois Fillonyň pikrine görä, fundamentalizmiň ýaýbaňlanmagy yslamda çynlakaý problema öwrülipdir we bu Ýewropa sebitiniň adatlaryna zarba urýar.

Francois Fillon, din barada berk gözegçiligiň ýola goýulmagynyň öz ýurdy üçin bikanun bir ýagdaý bolmajakdygyny nygtaýar.

"Fransiýanyň hökümeti indi katolikleri we şol sanda beýleki dinleri Fransiýa respublikasynyň gymmatlyklaryna hormat bilen çemeleşmäge mejbur edýän çäreleri görmegi kabul edýär. Ylaýta-da, Napoleon Bonopart şeýle maksat bilen 19-njy asyrda "iudaizm" bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrmak üçin, Fransiýada konsistoriýa (ruhany dolanyşyk) döredipdir" diýip, Fillon aýdýar.

Ýatlap geçsek, Fransiýada prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirilýär.

Saýlawyň birinji tapgyry 23-nji aprelde, soňky aýgytlaýjy tapgyr bolsa 7-nji maýda geçiriler.

Emma Francois Fillon saýlawlaryň öňüsyrasynda korrupsiýa galmagalyna duçar bolupdy. Häzir onuň ýanýoldaşyna döwlet wezipesini öz bähbidine ulanmakda aýyplama bildirilip, resmi derňew geçirilýär.

Mundan owal Fillonyň özüne garşy derňew işi başladylypdy. Aýdylýan aýyplamalara görä ol öz ýanýoldaşy Penelope we çagalaryna etmedik işi üçin, döwlet gaznasyndan aýlyk ýazyp, ýüz müňlerçe ewro pul töledipdir.

Penelope Fillon döwletiň mümkinçiliklerinden öz bähbidine ulanmakda we birnäçe düzgün bozmada aýyplanýar.

Owalky premýer ministr, "Respublikaçylar" partiýasyndan prezidentlige dalaşgär Fillon bolsa öňe sürülýän aýyplamalary red edýär.

Ol häzire çenli saýlaw kampaniýasynda iň bagty çüwenidi. Indi bolsa aşa sagçy Milli frontuň lideri Marine Le Pen we merkezçi Emmanuel Makrondan hem yzda barýar.

Ilkinji gezek Fransiýada prezidentlige dalaşgär bolanlara garşy resmi derňewler amala aşyrylýar.

Prezidentlige dalaşgärlerden Milli front partiýasynyň ýolbaşçysy Marine Le Pen hem hut şeýle ýagdaýa duçar bolýar.

Ol golaýda bu sebäpden hatda Ýewropa mejlisiniň halk wekili höküminde eldegrilmez hukugyndan hem mahrum edilipdi.

Belläp geçsek, Francois Fillon we Marine Le Pen şol bir wagtyň özünde milletparaz we orsparaz syýasatçylar hökmünde tanalýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG