Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýanyň himiki ýarag ulandy diýilýän howa bazasyna zarba urdy


Tramp Siriýa raketa zarbasyny urmagy buýurdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:02 0:00

Tramp Siriýa raketa zarbasyny urmagy buýurdy

Birleşen Ştatlar 7-nji aprelde, ir sagatlarda, şu hepdäniň başynda asuda adamlara garşy ulanylan gyrgynçylykly himiýa ýaraglaryna jogap edip, Siriýanyň howa bazasyna onlarça ganatly raketa zarbalaryny urdy. ABŞ bu himiýa hüjüminde Siriýanyň hökümetini günäledi.

Bu Amerikanyň alty ýyla giren raýat urşy döwründe Siriýanyň hökümetine garşy edýän ilkinji gönümel hüjümi we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň prezident bolaly bäri beren iň wajyp harby buýrugy bolup durýar.

ABŞ-nyň bu buýrugynyň öň ýanyndan rus diplomatlary Birleşen Ştatlara şunuň ýaly “şübheli we betbagtçylykly inisiatiwa” baş goşmazlyk barada duýduryş berdiler we tersine bolanda Amerikanyň “negatiw netijeleriň” “ähli jogapkärçiligini” öz üstüne almaly boljakdygyny aýtdylar.

Garaşylmadyk howa zarbalary Tramp üçin dramatiki öwrüliş boldy, sebäbi ol geçen ýyl Ýakyn Gündogar konfliktleriniň içine sümülmeklige garşy kampaniýa alyp barypdy we “Amerika ilkinji orunda durmaly” diýen syýasaty öňe sürüpdi.

Emma 4-nji aprelde Siriýanyň Han Şeýhun şäherine edilen hasaplanylýan himiýa hüjüminde 86-dan gowrak adam öleninden soň, Tramp öldürilen çagalaryň suratlarynyň özüne güýçli täsir edendigini, ýagny olaryň özi üçin “köp çägi bozandygyny” aýtdy.

"Siriýanyň diktatory Başar al-Assad bigünä raýatlaryň garşysyna aýylganç himiki hüjüm etdi. Gyrgynçylykly nerw gazyny ulanyp, Assad çäresiz erkekleri, aýallary we çagalary demikdirip öldürdi” diýip, Tramp özüniň gysgaça telewizion beýanatynda, himiki hüjüm etmek üçin ulanylan uçar meýdançasyna garşy ar alyş zarbalaryny urmak barada beren buýrugynyň sebäbini düşündirip aýtdy.

"Gyrgynçylykly himiki ýaraglaryň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak we saklamak Birleşen Ştatlaryň wajyp milli howpsuzlyk bähbiri bolup durýar” diýip, ol Assadyň beýle ýaragy ulanmak bilen halkara kanunçylygyny bozandygyny aýtdy.

"Men medenileşen döwletleriň ählisini Siriýadaky gyrgynçylygy we gandöküşükligi togtamaga çalyşmakda bize goşulmaga çagyrýaryn" diýip, Tramp aýtdy.

"Biz Amerika adalatyň tarapynda näçe uzak dursa, ahyrynda parahatçylygyň we ylalaşygyň üstün çykjagyna umyt baglaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

7-nji aprelde irden, Siriýanyň günbatardaky Şaýrat howa bazasyny nyşana alyp, Ortýer deňzindäki uruş gämilerinden çen bilen ABŞ-nyň 60 töweregi Tomahawk raketasy atyldy.

ABŞ resmileri ol raketalaryň uçuş zolaklaryny, uçarlary, radarlary we ýangyç stansiýalaryny nyşana alandygyny aýtdylar.

Pentagon başlangyç synynda diňe nyşana alnan ýerleriň weýran edilendigini aýtdy. Emma analitikler ABŞ-nyň harby zarbalarynyň köp asuda adamy, şol sanda how bazasynyň töwereginde ýaşaýan rus harby resmilerini hem öldürmek mümkinçiliginiň bolandygyny aýdýarlar.

Bu hüjüm baradaky habar çykmazyndan biraz öň Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň orunbasary Vladimir Safronkov, eger ABŞ özleriniň ýarany Siriýa harby zarba ursa, munuň “negatiw netijeleriniň” boljakdygyny duýdurdy.

"Biz negatiw netijeler barada pikirlenmeli, negatiw netijeler, onsoň harby hereket edilse, munuň ähli jogapkärçiligi hem şeýle şübheli inisiatiwa baş goşanlaryň gerdenine düşer” diýip, Safronkov aýtdy.

Haçanda ol negatiw netijeleriň nämedigi barada soralanda, Safronkov: "Yraga seredň, Liwiýa serediň” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG