Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň Siriýada amala aşyran raketa zarbalaryny ýazgardy


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan Şaýrat howa bazasyny görkezýän suraty, Siriýa
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan Şaýrat howa bazasyny görkezýän suraty, Siriýa

Eýranyň ISNA täzelikler agentligi Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň ABŞ-nyň Siriýada amala aşyran raketa zarbalarynyň “weýran ediji we howplydygyny” aýdandygyny habar berdi.

ABŞ 7-nji aprelde, ir sagatlarda, şu hepdäniň başynda asuda adamlara garşy ulanylan gyrgynçylykly himiýa ýaraglaryna jogap edip, Siriýanyň howa bazalaryna onlarça ganatly raketa zarbalaryny urdy. ABŞ bu himiýa hüjüminde Siriýanyň hökümetini günäledi.

“Eýran ... himiki ýaraglaryň ulanylmagyny ýazgarýar ... emma muny birtaraplaýyn hereketleri amala aşyrmagy aklamak üçin ulanmaklygyň howplydygyny, weýran edijidigini we halkara kanunlaryny bozýandygyny hasap edýär” diýip, ISNA agentligi Bahram Kaseminiň 7-nji aprelde aýdandygyny habar berdi.

Tähran “şeýle häsiýetli bir taraplaýyn hereketleri berk ýazgarýar” diýdi we munuň “Siriýada terrorçylary güýçlendirjekdigini” we “Siriýada we regionda ýagdaýy çylşyrymlaşdyryp biljekdigini” beledi.

Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň regiondaky esasy ýarany bolup, alty ýyl bäri graždan urşy başdan geçirýän ýurdyň hökümetine harby we ykdysady kömegi berýär.

XS
SM
MD
LG