Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Orsýet: Daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşdi


Türkmenistanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow (ç) we Reşit Meredow (s), Moskwa, 8-nji aprel, 2016.

Türkmenistanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna görä, Sergeý Lawrowyň we Reşit Meredowyň arasynda 6-njy aprelde bolan gepleşik türkmen tarapynyň inisiatiwasy boýunça geçirilipdir. Onuň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahat edendikleri, şeýle-de orsýet-türkmen hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlaryna ýokary baha berendikleri habar berildi. Maglumatda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň düýbüniň tutulmagynyň 25 ýyllygy agzaldy, emma maslahat edilen meseleler barada anyk maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň we Orsýetiň Daşary işler ministrleriniň bu telefon söhbetdeşliginiň öňüsyrasynda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy türkmen gazyny satyn alyp başlamagy göz öňünde tutmaýandygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda gaz söwdasy barada 25 ýyllyk ylalaşygyň bolmagyna garamazdan, “Gazprom” 2009-njy ýyldan bäri satyn alýan türkmen gazynyň möçberini çürt-kesik azaltdy we 2016-njy ýylyň başynda satyn almagyny doly bes etdi.

XS
SM
MD
LG