Sepleriň elýeterliligi

FIFA-nyň sanawynda Türkmenistan 140-njy setire çykdy


Türkmenistanyň milli futbol komandasy, Duşenbe, 8-nji noýabr, 2016.

Futbol boýunça Halkara federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy komandalaryň aprel aýy boýunça reýting sanawyny çap etdi.

Sanawda postsowet ýurtlaryň arasynda Özbegistan öz pozisiýasyny gowulandyryp, ozalkysyndan üç sentir ýokary galdy we Orsýetden öňe çykyp, 60-njy setiri eýeledi.

Türkmenistan hem öz pozisiýalaryny gowulandyryp, sanawda dört setir ýokary galdy we 140-njy orny eýeledi.

FIFA-nyň aprel aýy boýunça täze sanawynda dünýä derejesinde futbol boýunça iň güýçli komandalaryň onlugynda birinji ýere Braziliýa çykdy, Argentina birinji setiri elden berip, ikinji ýere geçdi.

XS
SM
MD
LG