Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Wladimir Žirinowskä “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy


Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) lideri Wladimir Žirinowskiý
Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) lideri Wladimir Žirinowskiý

Orsýetiň liberal demokratik partiýasynyň (LDPR) lideri Wladimir Žirinowskiý “Hormatly il ýaşulusy” adyna eýe boldy.

Türkmenistana sapar bilen baran Žirinowskä “Hormatly il ýaşulusy” adynyň berilmegi hakynda şahadatnamanyň we döşüne dakylýan ýörite belginiň Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan oňa 7-nji aprelde gowşurylandygyny türkmen mediasy habar berdi.

Türkmen parlamentiniň başlygyny çakylygy boýunça 6-njy aprelde Türkmenistanyň baran Žirinowskiý “Aziýada – 2017: Halkara hyzmatdaşlygy parahatçylygyň we ösüşiň haýyryna” atly kongrese gatnaşýar.

LDPR-iň lideri Žirinowskiý dürli ýyllarda postsowet ýurtlarynyň birnäçesinde islenilmeýän şahs diýlip yglan edildi.

Žirinowskiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystanda 2005-nji ýylda, Gyrgyzystanda 2013-nji ýylda islenilmeýän şahs diýlip yglan edilmegine, onuň ýurtlar babatynda eden çykyşlarynyň kemsidiji diýlip kabul edilmegi sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG