Sepleriň elýeterliligi

Stokgolm: Ýük ulagyň söwda merkezine sürülmegi netijesinde iki adam öldi


Stokgolmda wakanyň bolan ýerini adatdan daşary gullugyň işgärleri derňeýärler.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmyň polisiýasy bir ýük ulagyň gyzgalaňly söwda merkezine sürülmegi netijesinde azyndan iki adamyň ölendigini habar berýär.

Şeýle-de, polisiýa 7-nji aprelde bolan wakada başga-da ençeme adamyň ýaralanandygyny, ýöne olaryň anyk sany barada henize çenli maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Şwed radiosynyň habarçysy wakanyň bolan ýerinde üç adamyň jesedini görendigini we “başga-da jesetleriň bolmagynyň mümkindigini” habar berdi.

Polisiýa wakada ok atyşyklaryň hem bolandygy barada heniz tassyklanmadyk maglumatlaryň bardygyny mälim etdi.

Şwesiýanyň “Sapo” aňtaw gullugy wakany “hüjüm” diýip atlandyrdy.

“Ol ýerde ölenler we ýaralananlar bar” diýip, “Saponyň” metbugat wekili Nina Odermalm AFP habar gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

Şwed premýer-ministri Stefan Lofwen ähli alamatlar munuň “terrorçylykly hüjümdigini” görkezýär diýdi.

Polisiýa hem muňa terrorçylykly waka hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Şu gün öýlän wagty gürrüňi edilýän ýük ulagy pyýadalar üçin niýetlenen “Drottninggatan” atly gyzgalaňly territoriýanyň golaýyndaky söwda merkezine sürüldi.

Telewideniýede görkezilen maglumatlarda wakanyň bolan ýerinden tüssäniň asmana galýandygy we bu ýerde dikuçarlaryň uçýandygy görkezildi. Şeýle-de, ol ýerde polisiýa we tiz kömek ulaglarynyň ençemesini görse bolýar.

Polisiýa ýerli ilatdan şäher merkezine gelmezligi sorady we şwed mediasy Stokgolmyň metro ulgamynyň wagtlaýyn ýapylandygyny mälim etdi.

Soňky döwürde Ýewropada ýük ulagyň adamlaryň köpçüliginiň üstüne sürülmegi bilen baglanyşykly birnäçe terroristik hüjüm boldy. Olaryň ählisiniň jogapkärçiligini hem “Yslam döwleti” atly terrorçylykly gurama öz üstüne alypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG