Sepleriň elýeterliligi

Türkmen migrantlarynyň pasport problemasyna wagtlaýyn 'çözgüt tapylýar'


"Türkpermit" hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy we migrasiýa hünärmeni Murat Erşahin (çepden ikinji) türkmen migrantlary bilen

Türkiýäniň migrasiýa gullygynyň, ýagny Göç edarasynyň 2016-njy we 2017-nji ýyllardaky hasabatyna görä, ýurtda kanuny ýagdaýda bolýan türkmen migrantlaryň sany 30 müň töwereginde, Türkiýede wizasyz we köne pasportly, bikanun galýan türkmen migrantlarynyň umumy sanynyň bolsa 200 müňe golaýdygy çak edilýär.

Soňky bir aýdan bäri Türkiýede köne pasportly türkmen migrantlary üçin ýaşaýyş we iş rugsadyny almaga, ýokary okuw jaýlaryna girmäge we resmi nikadan geçmäge kanuny ýollar açyldy.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" atly hepdelik dowamly gepleşiginiň bu günki sanyny Türkiýedäki köne pasportly türkmen migrantlary üçin dörän käbir kanuny mümkinçiliklere gönükdirýär.

Gepleşigiiň myhmanlary - migrantlara kanuny taýdan hyzmat edýän "Türkpermit" (Stambulda) atly hukuk geňeşdarlygy firmasynyň başlygy hem migrasiýa hünärmeni Murat Erşahin bilen ynsanperwerlik esasyna görä ilkinji ýaşaýyş rugsady berlen türkmen migrant zenany Maýa.

Gepleşigi diňläp, aşakdaky forumda bu ugurdaky öz tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG