Sepleriň elýeterliligi

Tillerson Siriýa urlan raketa zarbalaryna Orsýetiň reaksiýasyndan “lapykeç” boldy


Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson şu hepde Siriýa ABŞ tarapyndan urlan raketa zarbalaryna Orsýetiň gaharly reaksiýasyndan “lapykeç” bolandygyny, emma muňa geň galmandygyny aýtdy.

Moskwa 7-nji aprelde Siriýanyň howa bazasyna urlan raketa zarbasyny “agressiýa hereketi” hökmünde ýazgardy we munuň halkara kanunçylygyna ters gelýändigini öňe sürdi.

Şeýle-de Moskwa özüniň Siriýadaky ABŞ harbylary bilen aragatnaşyk liniýalaryny togtadyp, Siriýa geljekki hüjümlere garşy durmak üçin howa goragy babatda berýän kömegini güýçlendirjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidentiDonald Tramp bu hüjümiň Siriýa şu hepde asuda adamlara garşy gyrgynçylykly himiýa ýaragyny ulanandygy üçin berlen jezadygyny aýtdy.

Pentagon raketa zarbasynda bölekleýin weýran edilen Şaýrat howa bazasynyň Siriýanyň howa güýçleri tarapyndan 4-nji aprelde Han Şeýun şäherçesine nerw gazy hüjümini etmekde ulanylandygyny aýtdy.

Bu hüjüm netijesinde azyndan 86 adam öldi.

8-nji aprelde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Siriýada edildi diýilýän himiýa hüjümi barada bitarap derňew geçirilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG