Sepleriň elýeterliligi

ÝB-Türkmenistan adam hukuklary dialogy geçiriler


Urmas Paýet

Ýewrokomissiýa we Ýewroparlament Türkmenistanyň hökümetine basyş görkezmegiň ugur-ýoluny maslahatlaşýar, Ýewropa parlamentiniň deputaty, Estoniýanyň sagçy-liberal Reforma partiýasynyň wekili Urmas Paýet Ýewropa Komissiýasyna Türkmenistanyň zähmet-düzediş koloniýalarynda adam hukuklarynyň bozulýan ýagdaýlary baradaky sorag bilen ýüzlendidiýip, “Gündogar” saýty habar berýär.

«Zorlukly ýitirim edilenleriň sanawynda azyndan 87 adamyň ady bar. 13-nji ýanwarda olardan biri, türmede 15 ýyl saklanan Tirkiş Tyrmyýew aradan çykdy. Dürli hukuk toparlarynyň habarlarynagörä, Tyrmyýewiň maşgalasy ýowuz basyşa sezewar edilýär” diýip, estoniýaly deputatyň Ýewroparlamentiň saýtynda çap edilen ýüzlenmesinde aýdylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Frederika Mogorini eston deputatyna jogap berip, özleriniň Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny üns bilen synlaýandyklaryny we ÝB-niň bu meseläni gozgamak üçin her mümkinçiligi peýdalanýandygyny aýdypdyr.

Onuň tassyklamagyna görä, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda Wenada geçen mejlisinde ÝB Aşgabadyň öňünde Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilenler hakynda anyk sorag goýupdyr.

Habarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary baradaky indiki dialogyň şu ýylyň aprelinde, Aşgabatda geçiriljekdigi aýdylýar.

Bu duşuşykda ÝB Türkmenistany raýat jemgyýetine girizilen çäklendirmeleri ýatyrmaga, ýitirim bolan adamlaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyrmakçy bolýar.

XS
SM
MD
LG