Sepleriň elýeterliligi

Pakistan polisiýasy Lahorda 10 jeňçini öldürdi


Lahore. Polisiýa ofiserleri ozalky jeňçi hüjümlerini derňeýärler. 5-nji aprel, 2017

Pakistan polisiýasy Lahor şäherinde bolan ýaragly söweşde 10 jeňçiniň, şol sanda fewral aýyndaky ganly partlama esasy ýardam eden kişiniň öldürilendigini aýtdy.

Polisiýa ofiserleri ozalky jeňçi hüjümlerini derňeýän wagtlarynda, 8-nji aprel güni irden Lahoryň eteginde hüjüme sezewar boldular diýip, regionyň terrorçylyga garşy departamenti aýtdy.

Polisiýa hüjümçileriň ýerleşýän ýeriniň daşyny gabap, olaryň ýesir düşmegini talap etdi we goşmaça kömek çagyrdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Atyşyk diňe 10 jeňçi öldürilenden we beýleki jeňçiler gaçanyndan soň togtady. Olar Pakistanyň “Talyban” guramasynyň “Jamaat-ur-Ahrar” fraksiýasynyň agzalary diýip kesgitlendi.

XS
SM
MD
LG