Sepleriň elýeterliligi

Pitneçiler owgan howpsuzlyk güýçleriniň 13 agzasyny öldürdi


Balh welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad

Pitneçiler aýry-aýry hüjümlerde owgan howpsuzlyk güýçleriniň 13 agzasyny öldürdiler diýip, owan resmileri 9-njy aprelde aýtdylar.

Demirgazykdaky Balh welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad 8-nji aprel agşamy Çimtal etrabynda “Talybana” garşy operasiýa mahalynda ýol ýakasynda goýlan bombanyň owgan goşunlarynyň 9 agzasyny öldürendigini, ýene birnäçisini bolsa ýaralandygyny aýtdy.

Ol bäş pitneçiniň öldürilendigini, ýene birnäçesiniň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.

8-nji aprelde, Jowuzjan welaýatynda bolan başga bir wakada, YD ekstremist toparynyň jeňçileri Darzap etrabynyň edara jaýyna hüjüm etdiler diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Mohammad Reza Ghafori aýtdy.

Çaknyşyk bolýan ýerine ýetişemekçi bolan owgan esgerleriniň dördüsi, şol sanda bölüm komandiri öldürildi diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG