Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Ybadathana partlamalarynda azyndan 36 adam öldürildi


Müsür, weýran edilen ybadathana, 2013.

Müsürde iki sany koptik ybadathanasynda bolan partlamalarda azyndan 36 adam öldi. Bu hüjüm hristianlaryň Palma ýekşenbesini belleýän wagtyna gabat geldi.

Aleksandriýadaky ybadathananyň işiginde bolan partlamada 11 adam öldi, 35 adam ýaralandy diýip, Saglyk ministrligi aýtdy.

Bu partlama Tanta şäheriniň koptik ybadathanasynda bolan we azyndan 25 adamy öldüren, 60 adamy ýaralan partlamadan birnäçe sagat soň boldy.

Dekabrda Kairdäki hristian ybadathanasynda bolan partlamada 25 adam ölüpdi.

Hristianlar Müsüriň ilatynyň 10 prosentini düzýär we yslamçy ekstremistler tarapyndan gaýta-gaýta nyşana alyndy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG