Sepleriň elýeterliligi

“Awazada” (bahasy aýdylmaýan) sport toplumy açyldy


"Awaza" syýahatçylyk zolagynda açylan täze sport toplumy

Türkmen metbugaty “Awazad” prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan iri sport toplumynyň 28,5 gektar meýdany tutýanydygyny habar berdi, emma onuň döwlete näçä düşendigini aýtmady.

Bu habar Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň golaýda Aşgabatda bolup, türkmen hökümetine döwlet çykdajylaryny azaltmak maslahatyny bermekleriniň yz ýanlaryna gabat geldi.

Täze toplum “halkara ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň” ýedisini, şol sanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweş sungatlary boýunça binalaryny öz içine alýar.

Toplumda kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis (ping-pong), gandbol, woleýbol oýnap bolar, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolar we oýunlara birbada 2 müň 355 adam tomaşa edip biler diýip, habarde bellenýär.

Türkmenistanda mundan ozal gurlan stadionlary hem, ýaryş ýa syýasy çäre mahalynda telewideniýe üçin tomaşaçydan doldurmak "uly problema" hasaplanýar. Emma muňa garamazdan, täze toplumyň beýleki ýerlerinde hem tomaşaçy orunlary boldan tutulypdyr. Aýdaly, söweş sungatlarynyň iki gatly binasynda 2 müň 272 tomaşaçy orny bar.

Bu ýerde birbada üç meýdançada ýaryş, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryş, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşik geçirmek mümkin diýip, TDH ýazýar.

Buzda oýnalýan hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenen “Buzly köşgüň” umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrak, binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan buzly meýdança bolup, onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaça orun bar diýip, habarda aýdylýar.

Suw sportuna niýetlenen merkezde tomaşaçylar üçin 2 müň 97 orun bar, meýdany 16 müň 356 inedördül metr üç gatly binada suwda ýüzmek, suwda pökgi oýnamak üçin niýetlenen olimpiýa howuzlary, türgenleşik howuzlary we beýikligi 10 metr, 7,5, 5 we 3 metr bolan böküş belentlikleri bar diýip, türkmen mediasy ýazýar.

Täze tomplumyň ýurduň Senagat ministrliginiň tabşyrmagynda “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy aýdylýar, emma oňa näçe harajat çykarylandygy, şeýle-de beýle ägirt desganyň haýsy hasaplamalar esasynda gurlandygy habar berilmeýär.

Şol bir agtda 7-nj aprelde, Bütindünýä saglyk gününe gabat açylan täze toplumyň türkmen türgenleriniň köpugurly okuw-türgenleşik merkezine, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň, halkara ýaryşlarynyň geçiriljek binýadyna öwrüljekdigi (?) bellenýär.

Mundan öň Türkmensitanda sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk üçin bäş milliard dollar gowrak serişdä durýan Olimpia şäherçesiniň we beýleki sport desgalarynyň gurlandygy, bu desgalar we Aşgabady abadanlaşdyrmak bilen baglylykda ýüzlerçe adamyň jaýynyň ýykylandygy habar berlipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG