Sepleriň elýeterliligi

Norweg polisiýasy Osloda ‘bomba meňzeş zat’ tapdy


Serhet geçelgesindäki norweg ofiserleri taşlanan tigirleri zyňýarlar.

Norweg polisiýasy Oslodan ‘bomba meňzeş zat’ tapandygyny we güman edilýän adamyň tussag astyna alnandygyny aýtdy.

“Roýters” habar gullugynyň habarçysy 8-nji aprelde paýtagt Oslonyň Gronland töwereginiň uly böleginiň daşynyň baglanandygyny habar berdi.

Polisiýa soňra bu ‘enjamyň’ diňe "çäkli zyýan ýetirmek mümkinçiliginiň bara meňzeýändigini we zerur bolan derňewleriň dowamyna garaşýandygyny" aýtdy.

Skandinaw ýurtlary 7-nji aprelde Stokgolmda bolan terror hüjüminden soň hüşgärligi ýokarlandydylar.

Şwed paýtagtynda bir özbegistanly erkek şäher merkezindäki mähelleli uniwermagyň gapdalynda adamlaryň üstünden ýük maşynyny sürende 4 adam öldi, 15 adam bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG