Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa ýük maşyn hüjüminde güman edilýäniň YD-a simpatiýa bildirendigini aýdýar


Hüjümde ölenleriň ikisi şwed, biri britan, beýlekisi belgiýaly.
Hüjümde ölenleriň ikisi şwed, biri britan, beýlekisi belgiýaly.

Şwed polisiýasy Stokgolmdaky ýük maşyn hüjüminde güman edilýän özbegistanly erkegiň ekstremist guramalara, şol sanda YD-a simpatiýa bildirmekde tanalandygyny aýdýar.

Polisiýa onuň Şwesiýada hemişelik ýaşaýyş durumynyň inkär edilendigini we deportasiýa edilmekçi bolnandygyny hem habar berýär.

39 ýaşyndaky özbegistanly erkek 7-nji aprelde ýük maşynyny uniwermagyň içine sürüp, 4 adamy öldürmekde, beýlekileri ýaralamakda güman edilýär.

Polisiýa bu derňew bilen bagly ýene 5 adamyň tussag astynda saklanylýandygny aýtdy.

Hüjümde ölenleriň ikisi şwed, biri britan, beýlekisi belgiýaly.

XS
SM
MD
LG