Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Tatarstan regionynda ýangynda heläk bolan adamyň jesedi tapyldy


Ähli dinleriň öýi atly bina, Tatrstan

Orsýetiň Tatarstan regionynda ýangynda heläk bolan adamyň jesedi tapyldy.

Tatarstanyň paýtagty Gazanyň eteginde Ähli dinleriň öýi diýlip atlandyrylýan binada 10-njy aprelde emele gelen ýagynyň netijesinde jaýyň üçegi ýumruldy.

Tatarstanyň Adatdan daşary ministrligi wepat bolan adamyň jesediniň oduň söndürilmeginden soň jaýyň içinde tapylandygyny mälim etdi. Heläk bolanyň şahsyýeti anyklanmady.

Ähli dinleriň öýi atly binany 20 ýylyň dowamynda ýerli arhitektor we hudožnik Ildar Hanow gurupdy. Prawoslaw hristian dininiň, yslamyň we buddizmiň elementlerini öz içine alýan binanyň gurulmagynyň maksady dini gymmatlyklary görkezmekden ybarat bolupdy.

Derňewçiler ýangynyň döremeginiň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG