Sepleriň elýeterliligi

Boeing kompaniýasynyň Eýrana iki ýolagçy uçaryny ugratmaga taýýarlanýandygy aýdylýar


Boeing kompaniýasynyň 777 kysymly uçary

Eýranyň resmi IRNA täzelikler agentligi ABŞ-nyň uçar öndüriji Boeing kompaniýasynyň indiki aýyň dowamynda Eýrana 777 kysymly iki ýolagçy uçaryny ugratjakdygyny habar berdi. Bu, Günbataryň Eýrana garşy uzak möhletli sanksiýalaryny ýatyrmagyndan soň Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň arasynda baglaşylan iň uly biznes şertnamasydyr.

IRNA agentliginiň “ygtybarly çeşmesine” salgylanyp, 9-njy aprelde habar bermegine görä, uçarlar Eýran Air milli howa kompaniýasyna beriler.

Boeing kompaniýasy Eýranyň 80 sany uçar, şol sanda 737s kysymly 50 uçary we 777 kysymly 30 uçary satyn almaga isleg bildirendigini geçen ýyl mälim edipdi. Bu şertnamanyň bahasy 16 milliard dollara barabar.

Şol bir wgatda-da, Eýranyň hökümeti uçarlaryň bahasynyň diňe ýarysyny tölejekdigini, Boeing kompaniýasynyň styn almak üçin teklip eden şertleriniň çäklendirilmeginiň muňa sebäp bolýandygyny aýdypdy.

Boeing kompaniýasy uçarlaryň bahasyny mälim etmedi.

Eýranyň Boeing kompaniýasyndan uçar satyn almagyna degişli şertnamanyň 2015-nji ýylyň iýul aýynda Tähranyň we dünýäniň täsirli ýurtlarynyň arasynda ýadro ylalaşygyna gol çekilmeginiň yzýany baglaşylan bolmagy çak edilýär. Ylalaşykda Tähranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmegi, Günbataryň Eýrana babatyndaky ykdysady sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG