Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Ýewropany 'hassa' we 'dargaýan' diýip atlandyrdy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ýene Ýewropa babatynda tankydy çykyş etdi we öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy meselesine gaýtadan seretjekdigini aýdyp, Ýewropa Türkiýäniň halkyna “edenleri üçin tölär” diýdi.

Erdoganyň 9-njy aprelde Izmirde eden çykyşynda, Türkiýäniň ÝB agza bolmak meselesiniň 16-njy aprelde geçiriljek referendumdan soň “gün tertibine” gaýtadan goýuljakdygyny mälim etdi. Erdogan referendumda üstünlik gazansa öz häkimiýetini göz-görtele pugtalandyryp biler.

Türkiýäniň konserwatiw yslamçy adalat we ösüş partiýasynyň (AKP) esaslandyryjysy Erdogan 2003-nji ýylda ýurduň premýer-ministri bolup, bu wezipäni 2014-nji ýyla çenli eýeledi, soň prezident saýlandy.

Erdogan Türkiýäni prezidentlik respublikasyna öwürmegi wada berip, munuň ýurduň durnuklylygy pugtalandyrmak üçin zerurdygyny aýdýar. Günbatar Türkiýede häkimiýetiň bir adamyň elinde jemlenmegine tarap edilýän ädimleri ýazgarýar, şeýle-de Erdoganyň 2016-njy ýylyň iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň oppozisiýa görkezen basyşyny tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG