Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bosgun sportçylaryň Aziada gatnaşmak mümkinçiligine seredýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Aziada-2017 üçin taýýarlyklar bilen bagly çärede, Nisa, 5-nji maý, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Aziada-2017 üçin taýýarlyklar bilen bagly çärede, Nisa, 5-nji maý, 2016.

Türkmenistan bosgun sportçylaryň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 halkara ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligine seretmäge taýýarlyk bildirdi diýip ýurduň döwlet mediasy 9-njy aprelde habar berdi.

Bu mesele Aziada-2017 çäresine görülýän taýýarlyklara bagyşlanyp Awazada geçirilen halkara forumynda gozgalypdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Aziada-2017 sport bäsdeşliginde bosgun sportçylaryň gatnaşmagyna degişli meseläni ählitaraplaýyn öwrenmegi degişli pudaklaryň resmilerine tabşyrdy, diýlip resmi maglumatda aýdylýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanda geçiriljek iň uly halkara sport çäresidir.

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek bäsdeşlikde dünýäniň 60 çemesi ýurdunyň wekilleri sportyň 21 görnüşi boýunça ýaryşar.

XS
SM
MD
LG