Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stokgolm: Hüjümçi bolmakda güman edilýän özbegistanly suda çekildi


Hüjümiň bolan ýerinde Stokgolm, 8-nji aprel, 2017
Hüjümiň bolan ýerinde Stokgolm, 8-nji aprel, 2017

Stokgolmda söwda merkeziniň öňünde ýük ulagyny märekäniň arasyna sürüp dört adamyň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplanan 39 ýaşly özbegistanly Rahmat Akilow terrorçylyk hereketine gatnaşygyny boýun aldy, diýip onuň aklawçysy aýtdy.

Goragçy wekilini žurnalistlere aýtmagyna görä, Akilow jenaýata baş goşandygyny 11-nji aprelde geçirilen sud diňlenişiginde boýun alypdyr.

Diňlenişikde onuň sud edilýänçä tussag astynda saklanyp-saklanmazlygy barada karar çykarylmagyna garaşylýandygy aýdylypdy.

Suduň dokumentlerine görä, Rahmat Akilow Özbegistanyň raýaty.

Prokuroryň orunbasary Hans Ihrman Akilowyň terrorçy hereketi amala aşyrmakda aýyplanýandygyny mälim edipdi.

10-njy aprelde milli polisiýanyň ýolbaşçysy Dan Eliasson häkimiýetleriň hüjümçini ele salandygy barada “örän ygtybarlydygyny” aýtdy.

Polisiýa hüjüm bilen baglylykda 9-njy aprelde tussag eden ikinji adamyň şahsyýetini mälim etmekden saklandy.

7-nji aprelde bolan hüjümden soň häkimiýetler derňewleriň çäginde Stokgolmyň ençeme ýerinde reýdleri geçirdiler we 600-den gowrak adamy sorag etdiler.

XS
SM
MD
LG