Sepleriň elýeterliligi

Uly-7 guramasy Assadyň režimini üzňeleşdirmegiň tarapynda


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, Lukka, Italiýa, 10-njy aprel, 2017

11-nji aprelde senagat taýdan ösen Uly-7 gurmasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady üzňeleşdirmek meselesinde Ýakyn Gündogardaky ýaranlaryna goşulmagy ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Assadyň esasy ýarany Orsýete sapara başlamagynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Uly-7 guramasynyň daşary işler ministrleriniň Italiýanyň Lukka şäherinde geçirilýän duşuşygyna regionda Assadyň režimine garşy çykýan bäş ýurduň, ýagny Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Iordaniýanyň we Kataryň daşary işler ministrleri hem gatnaşýarlar.

ABŞ-ny, Ýaponiýany, Germaniýany, Britaniýany, Italiýany, Fransiýany we Kanadany öz içine alýan gurama Siriýada geçen hepdede gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki oba himiki ýaraglary ulanmakda güman edilýän Assad bilen Orsýetiň gatnaşyklary kesmegine basyş edýär.

XS
SM
MD
LG