Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: 2016-njy ýylda sud tarapyndan berlen ölüm jezalarynyň sany azaldy


Eýranda ölüm jezasynyň berjaý edilişi
Eýranda ölüm jezasynyň berjaý edilişi

“Amnesty International”guramasy 2016-njy ýylda sud tarapyndan berlen ölüm jezalaryň sanynyň geçen ýylky rekord görkezijisinden pese düşendigini, munuň esasan jezany iň köp berýän ýurtlar Eýranyň we Pakistanyň hasabyna emele gelendigini mälim etdi.

Londonda ýerleşýän guramanyň 11-nji aprelde çap eden hasabatynda aýtmagyna görä, 2016-njy ýylda berlen jezalaryň sanynyň ondan ozalky on ýyllyga degişli derejeden henizem ýokary bolmagyna galýandygy bellendi.

2016-njy ýylda iň köp ölüm jezaly hökümleri çykaran ýurtlaryň arasynda Hytaý, Saud Arabystany we Yrak bar.

Hasabatda Hytaýyň 2016-njy ýylda çykaran jezaly hökümleriniň takyk sany berilmeýär, emma onuň “müňlerçe” bolup, 10 müňden azwe 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende azalan bolmagynyň mümkindigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG