Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenka Berdimuhamedowy Belorusa sapar etmäge çagyrdy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka (s) we Türkmenistanyň prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Minsk, 2012.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Türkmenistanyň prezidentini sapara çagyrdy, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Habar berilişine görä, Lukaşenkanyň çakylygy onuň Berdimuhamedowa ýollan hatynda öňe sürüldi.

“Biziň aramyzda möhüm ylalaşyklara gelindi, şertnamalara gol çekildi, olaryň durmuşa geçirilmegi belarus-türkmen dialogynyň mundan beýläk giňelmegine güýçli itergi berer” diýlip 10-njy aprelde çap bolan maglumatlarda Lukaşenkanyň sözünden sitata getirilýär.

Belarusyň prezidenti mart aýynyň aýagynda Türkmenistana eden üç günlük saparynyň dowamynda 31-nji martda Garlykdaky dag-mandanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyny açdy. Türkmenistanyň günbatarynda 2010-2017-nji ýyllaryň arasynda belarus kompaniýalary tarapyndan gurlan bahasy 1 milliard dollarlyk desgada ýylda 1.4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmek planlaşdyrýar.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2016-njy ýylda 4.4% ösendigi habar berildi, emma takyk san agzalmady.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Minske 2016-njy ýylyň maý aýynda barypdy.

XS
SM
MD
LG