Sepleriň elýeterliligi

Türkmen kino ussady Hojaguly Narlyýew “Ak Ilbirs” ýörite baýragyna eýe boldy


Türkmen kinorežissýory Hojaguly Narlyýew

Türkmenistanly meşhur kinorežissýor Hojaguly Narlyýewiň “Dünýäniň kino sungatyna ägirt uly goşandy üçin” nominasiýasynda “Ak Ilbirs” ýörite baýragy bilen sylaglanandygy habar berildi

Bu barada “Ak Ilbirs” milli baýragyň esaslandyryjylarynyň biri Taalaýbek Kulmendeýewe salgylanyp, “CA News” neşri habar berýär.

Maglumata görä, baýragyň gowşurylyş dabarasy 14-nji aprelde Gyrgyzystanyň Manas kinoteatrynda geçiriler. Ilkinji gezek “Ak Ilbirs” baýragy 2012-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirildi, ýörite baýragy 2015-nji ýylda esaslandyryldy.

Türkmen kinorežissýory we senaristi Hojaguly Narlyýew golaýda 80-nji ýaş toýuny belledi.

TSSR-iň halk artisti (1986 ý.), SSSR-iň Döwlet premiýasynyň laureaty (1973 ý.) we Orsýetiň kinematografiýa sungaty boýunça akademiýasynyň prezidiumynyň agzasy, türkmen kino sungatynyň meşhur eserleriniň ençemesiniň awtory Hojaguly Narlyýew 1976-1999-njy ýyllarda Türkmenistanyň kinematografiýa bileleşigine ýolbaşçylyk edipdi.

XS
SM
MD
LG