Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanly 20-ä golaý kärendeçi öz ýerlerini ‘yzyna tabşyrmaga mejbur edilýär’


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Balkan welaýatynyň ýerli häkimiýetleri 20-ä golaý kärendeçini öz ýerlerini yzyna tabşyrmaga mejbur edýär diýip, balkanly daýhanlar habar berýärler.

Ozalky Gyzylarbat, häzirki Serdar etrabynyň Çerkezli daýhan birleşiginden ençeme kärendeçiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, Serdar etrap häkimliginiň oba-hojalyk pudagy boýunça ýolbaşçylary “ýokardan berlen görkezme” diýip, daýhanlaryň ortaça dört ýyllap özleşdiren ýerleriniň deregine tarp ýerden kärende ýerini almagy hödürleýärler.

“Bize ýerlerimizi tabşyryp, deregine Garagum kanalyndan uzakda ýerleşýän, özem belentli-pesli, tekiz bolmadyk ýerleri almalydygymyzy duýdurdylar. Bize ‘bu barada eýýäm etrap derejesinde karara gelindi, ýörite görkezme hem bar. Siz ýerleriňizi tabşyrmaly, başga edip biljek zadyňyz ýok’ diýdiler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Çerkezli daýhan birleşiginden kärendeçi gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, Serdar etrap häkimliginiň we Çerkezli daýhan birleşiginiň resmileri ählisi bir territoriýada jemlenen we köplenç bag-bakja ekinleri ekilen ýerleriň duýdansyz yzyna alynmagy we onuň sebäpleri barada kärendeçilere hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Ýer ýokary derejeli emeldara “bölünip berler”

“Biz ýerli ýaşaýjylar, bu ýerler biziň ata-babamyzdan gelýän dogduk mekanymyz, bu ýerleri bizden başga kime berjek bolýarsyňyz diýip soranymyzda ‘wagty gelende bilersiňiz. Näme sizi ýersiz goýamyzok. Öň 3 gektar ýeriňiz bolan bolsa 5-e ýetirýäris, 5 gektar ýeriňiz bolan bolsa 10-a ýetirýäris. Siz nämeden nägile bolýarsyňyz?’ diýip, soragymyza sorag bilen jogap berdiler” diýip, balkanly kärendeçi aýtdy.

Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän kärendeçileriň öz ýerleriniň yzyna tabşyrmaga mejbur edilmegi dogrusynda, Serdar etrap häkimliginiň we Çerkezli daýhan birleşiginiň resmileri bilen telefon arkaly habarlaşanda, nähilidir bir düşündiriş ýa-da maglumat almak başartmady.

Ýöne ilat arasyndaky – resmi çeşmelere tassykladyp bolmadyk – maglumatlara görä, etrap häkimligi bu çäräni Türkmenistanyň ýokary derejeli emeldarlarynyň birine welaýatyň iň tekiz we suwa ýakyn ýerinden 160 gektar ýeri bölüp bermek üçin geçirýär.

“Ýerleriň ýokary derejeli emeldarlaryň birine bölünip beriljekdigini häkimlikde işleýän dogan-garyndaşlarymyz aýtdylar. Biziň ekerançylyga taýýar ýerlerimizi zor bilen elimizden alýarlar. Bize berlen täze ýerleri işläp taýýarlamak üçin, azyndan bir ýyl gerek. Bir ýyl girdejimiz bolmaz. Onsoň biz näme etmeli? ” diýip, balkanly kärendeçi zeýrenýär.

1 ýyl öňünden duýdurylmaly

Kärendeçileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olara ýerleriniň elinden alynjakdygy barada bary-ýogy 20 gün ozal duýduryş berdiler we häzire çenli azyndan 6 kärendeçi öz ýerini yzyna tabşyrmaga mejbur boldy.

Türkmenistanyň ýer hakyndaky kodeksine laýyklykda, kärendeçiniň elinden ýeriniň alynjakdygy barada azyndan 1 ýyl öňünden duýduryş berilmeli we onuň maşgalasyny ekläp bilmegine gaýtadan mümkinçilik döredilmeli.

Şeýle-de, ýerli synçylaryň käbiri ýurduň kanunçylygynda döwlet tarapyndan raýatlara ýeri kärendesine 49 ýyla çenli möhlet bilen berip bolýandygy bellenilse-de, daýhanlaryň ýerleri, köplenç, diňe iki-üç ýyl möhlet bilen kärendesine alyp bilýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, 2013-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen hökümeti Balkanda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelenden soň, 2014-nji ýyldan başlap, bu welaýatda şeker şugundyryny ösdürip ýetişdirmäge we iýmlik däne, miwe we bakja ekinleri ekmäge üns berilýär.

XS
SM
MD
LG