Sepleriň elýeterliligi

"Mercedesiň” soňky döwürdäki adatyna görä, täze awtomobiliň iki görnüşi bolar: 476 at güýjündäki "GLC 63" we 510 at güýjündäki "GLC 63S" kysymly bolany. Awtoulagyň iki kysymynyň hem ýokary tizligi sagatda 250 km. görnüşinde çäklendirilendir. Awtoulagyň "GLC 63" kysymly bolany 4 sekuntda 100 km tizlige çykýar, "GLC 63S" kysymlysy bolsa ondan 0,2 sekunt has çalt şol tizlige çykmaga ukyplydyr.

"Mercedesiň” bu täze awtoulagy bilen "Audi SQ5" ýa-da "BMW X4" we hatda "Porsche Macan" kysymly awtoulaglar hem bäsleşip bilmeýär. Olardan iň güýçlisi "Porsche Macan" 440 at güýjüne eýedir we 4,4 sekuntda 100 km tizlige çykýandyr. Şonuň üçinem indi iň gaty gidýän "Premium krossower" adyna "Mercedes-AMG" kysymly autoulag mynasyp bolýar.

"Mercedesiň” dört litr silindir göwrümi bolan motory bolan täze awtoulagda, 9 tapgyrly "AMG Speedshift MCT" kysymly tizlige geçirýän enjamy, täze "4Matic+" kysymly dört tigirine bilelikde hereket etdirýän ulgamy we köp dişli mufta enjamy hödürlenendir.

Ýene bir aýratyn bellenip geçilmeli aýratynlyk bolsa, "GLC 63" kysymlynyň öz-özünden geçýän differensiýala, "GLC 63S" kysymlynyň bolsa elektroniki ýagdaýda geçýän differensiýala eýedigidir.

Awtoulagyň iki görnüşinde hem üç kameraly "Mercedes" pnewmatiki ulgam bilen "adaptiw" amortizatorlar bar. Krossoweriň amortizatorynyň tizligine kameralaryň üsti bilen gözegçilik edilýär. Sürüjiniň saýlap alan şertine ýa-da islegine görä, soň olar üýtgäp bilýär.

Awtoulagyň içi bolsa tutuşlugyna emeli deriden gaplanandyr. Tebigy gön bolmasa-da, awtoulagyň her ýerinde we hatda öňünde hem tutuş emeli deri ulanylypdyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG