Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kataryň şeýhy Türkmenistana at çapyşygyna baýrak üçin 500 müň dollar berýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bedew baýramynda, Aşgabat, 27-nji aprel, 2013
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bedew baýramynda, Aşgabat, 27-nji aprel, 2013

Kataryň şeýhy Türkmenistanyň bedew baýramçylygynda geçiriljek at çapyşygynyň baýragy üçin 500 müň amerikan dollary möçberinde pul çykarmagy planlaşdyrýar.

Kataryň patyşa maşgalasynyň agzasy şeýh Faýsap bin Naser bin Haman al Taniniň bu niýetini Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda mälim edendigi 10-njy aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp media maglumatlarynda habar berilýär.

Maglumata görä, Kataryň çykarjak 500 müň amerikan dollary möçberindäki puly “Türkmenatlary” döwlet bileleşiginiň hasabyna geçiriler.

Türkmenistan bedew baýramyny 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbe güni belläp gelýär. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda at çapyşygy, ahal-teke atlaryna bagyşlanan sergi, konferensiýalar we beýleki dabaralar geçirilýär.

Bedew baýramy mynasybetli geçirilýän at çapyşygyna Türkmenistanyň prezidenti hem gatnaşýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, 2013-nji ýylda gatnaşan at çapyşygynda birinji ýeri eýeledi we 11 million dollar möçberindäki esasy baýraga eýe boldy. 2015-nji ýylda bedew baýramynda geçirilen at çapyşygynda prezidentiň 12 ýaşly agtygy Kerimgulynyň ýeňiji bolandygy yglan edilipdi.

2016-njy ýylda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabarasynda prezident Berdimuhamedowa "toý sowgady" hökmünde sekiz sany ahal-teke aty, milli lybaslar peşgeş berildi.

Türkmenistan ahal-teke atyny milli baýlygy we buýsanjy diýip resmi derejede yglan etdi. Döwlet gerbiniň merkezini eýeleýän atyň şekili, şeýle-de şu ýyl ýurtda geçiriljek Aziada-2017 sport çäresiniň hem simwolydyr.

11-nji martda Türkmenistanyň resmi habar agentligi TDH “döwlet baştutany UNESCO arza berip, ahal-teke atlaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdurmak boýunça teklibi öňe sürdi” diýip mälim etdi. Şeýle-de prezidentiň arassa ganly ahal-teke atlarynyň katalogyny döretmek barada tabşyryk berendigi habar berildi.

Käbir garaşsyz synçylar Türkmenistanda ahal-teke atlarynyň gan arassalygynyň halkara kadalaryna laýyk barlanmaýandygyny aýdýarlar.

Dünýä derejesinde ahal-teke atlary boýunça iş alyp barýan esasy edaralaryň biri Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag instituty soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanda tohum arassalygy ylmy barlaglar esasynda tassyklanan ahal-teke atlaryň sanynyň 96.8% derejesinden, 11% -e çenli azalandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG