Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň içeri işler ministri Diýarbekirdäki partlamanyň terrorçy hüjümdigini aýtdy


11-nji aprelde polisiýanyň bölüminde bolan partlama, Diýarbakir, 11-nji aprel, 2017
11-nji aprelde polisiýanyň bölüminde bolan partlama, Diýarbakir, 11-nji aprel, 2017

Türkiýäniň günorta-gündogarynda Diýarbekir şäherinde 11-nji aprelde polisiýanyň bölüminde bolan adam heläkçilikli partlama terrorçy hüjümiň netijesidir diýip, içeri işler ministri Suleýman Soýlu aýtdy.

12-nji aprelde “Haberturk” media serişdesine beren interwýusynda Soýlu hüjümiň polisiýanyň edara jaýynyň aşagyndaky ýerzeminden amala aşyrylandygyny habar berdi.

Hüjüm zerarly pidalarynyň sany üç adama ýetdi diýip, keselhanadaky çeşmeler 12-nji aprelde habar berdiler.

Mundan öň Soýlu esasan kürt ilatly bu şäherde bolan hadysanyň bejeriş işleriniň netijesinde dörändigini we oňa daşarky güýçleriň gatnaşmandygyny aýdypdy.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýetini artdyrmak boýunça geçiriljek referendumyň öňüsyrasynda emele gelen we şäheriň ençeme etrabynda eşidilen bu partlama howpsuzlyk ýagdaýyna degişli aladalanmalary güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG