Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ahmadinejad prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy


Eýranyň öňki prezidenti Mahmud Ahmadinejad 19-njy maýda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy, Tähran, 12-nji aprel, 2017

Eýranyň döwletiň gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň öňki prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň 19-njy maýda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alnandygyny habar berdiler. Berk ugurly konserwatiw Ahmadinejad Eýrany iki prezidentlik möhletiniň dowamynda dolandyrypdy.

Ahmadinejad saýlawlara dalaşgärleri hasaba almak boýunça döwrüň yglan edilmeginiň ikinji güni öz kandidaturasyny öňe sürýändigini mälim etdi.

Baş lider Aýatolla Ali Hamenei Ahmadinejadyň prezident wezipesine dalaş etmejegini geçen ýylda aýdypdy.

Eýranyň mediasy Ahmadinejadyň ýakyn ýarany we öňki wise-prezident Hamid Bighaeniň hem saýlawlarda dalaşgär hökmünde hasaba alnandygyny habar berdi.

Saýlawlara gatnaşmak üçin dalaşgärler Gözegçiler geňeşi tarapyndan tassyklanmaly.

XS
SM
MD
LG