Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli ussatlar türkmen küştçilerini Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlaýarlar


Küşt boýunça ýaryş, Aşgabat, 2-nji aprel, 2015.
Küşt boýunça ýaryş, Aşgabat, 2-nji aprel, 2015.

Orsýetiň küşt boýunça ussatlary Türkmenistanyň küştçülerine Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlyk görmäge kömek bererler, diýlip döwlet media serişdeleri habar berýärler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Munuň bilen bir wagtda türkmen küştçüleriniň iki kümüş we dört sany bürünç medala eýe bolandygy habar berildi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň 11-nji aprelde habar bermegine görä, 17 ýurduň sportçylarynyň gatnaşmagynda Daşkentde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda Türkmenistan üçin medallary Leýla Şohradowa, Azat Nurmämmedow we Saparmyrat Atabaýew gazanypdyr.

Küşt boýunça ýaryşlar Aziada-2017 halkara sport çäresiniň düzümine girýär.

Sportyň 21 görnüşi boýunça geçiriljek bäsdeşligine dünýäniň 60 çemesi ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagy planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG