Sepleriň elýeterliligi

“Washington Post”: FBI Trampyň öňki kömekçisini yzarlaýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlaw kompaniýasynyň dowamynda daşary syýasat boýunça geňeşçisi bolan Karter Peýj, Moskwa, 12-nji aprel, 2016

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy (FBI) Donald Trampyň prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda onuň kömekçisiniň aragatnaşyklaryny yzarlamak üçin suduň gizlin rugsadyna eýe boldular, diýip “Washington Post” neşri 11-nji aprelde habar berdi.

Neşriň ABŞ-nyň ady agzalmadyk resmilerine salgylanmak bilen habar bermegine görä, suduň çykaran bu karary Federal derňew býurosynyň daşary syýasat boýunça geňeşçi Karter Peýjiň daşary ýurtly güýçleriň – Orsýetiň agenti bolmagynyň ähtimaldygy barada ynandyrmagyndan soň berlipdir.

Bu dokument 2016-njy ýylyň prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda Trampyň geňeşçisiniň Orsýetiň agentleri bilen gatnaşykda bolmagyny çak etmek üçin Federal derňew býurosynda esasyň bolandygyny görkezýär diýip, neşir belleýär.

FBI we Kongressiň komitetleri Donald Trampyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyna Orsýetiň näderejede täsir ýetiren bolmagyny derňeýärler.

Peýj öz adyna edilýän çykyşlary ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG