Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marsa uçuşyň nobatdaky ädimi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Boeing şereketi ýer bilen Marsyň arasyndaky gatnawda düşelge hökmünde hyzmat etjek täze bir kosmos ulagyny doly ýasap tamamlapdyr.

"Deep Space Gateway" diýip atlandyrylan ulgam Marsa gidilýän ýolda kosmos gämileri üçin, düşelge ýeri bolup biler. Bu bolsa kosmos gämilerine Mars missiýasyna başlamazdan owal düşläp, ýangyç we beýleki ätiýaçlyklary doldurmaga mümkinçilik döreder.

Tranzit ulag Gün energiýasy bilen işleýär.

Boeing şereketi şol düşelge ulagyny NASA-nyň kosmiki başladyş ulgamy (SLS) arkaly 2020-nji ýyldan owal ibermegi göz öňünde tutýar.

Düşelge ulgamy şeýle ullakan welin, onuň bölekleri dört sany tapawutly uçuşlar arkaly uçurylar we soň ýuwaş-ýuwaş ýygnalyp, birleşdirilip, bir bütewi ýagdaýa getiriler.

Bu şol bir wagtyň özünde Boeingiň SLS-i kämilleşdirmegine-de ýardam eder. Şonuň üçinem munyň firmanyň geljekde adamlaryň Marsa ibermeginde esasy rol oýnajakdygy pikir edilýär.

Millioner Elon Musk hem 2020-nji ýylda Marsa missiýany ibermek işine gatnaşmaga söz beripdir.

Astronawtlaryň "Gyzyl planeta" baryp ýetenden soň, ol ýerde ýaşaýşyň bolup-bolmandygy barasyndaky sowala jogap tapjagy umyt edilýär.

XS
SM
MD
LG