Sepleriň elýeterliligi

Aşa semiz zenanlaryň epilepsiýaly çaga dograýmagy 'gaty ähtimal'


Illýustrasiýa

Aşa semiz zenanlaryň epilepsiýaly çaga dograýmagy gaty ähtimal diýilýär. Semizlik näçe ýokary bolsa, bu ýagdaýyň howpy hem şonça ýokarydyr.

"JAMA" newrologiýa žurnalynda çap edilen täze bir ylmy barlag şeýle netijä gelinmegine doly esas döredýär.

Barlagyň netijesine görä, aşa semizlik göwreli zenanyň ýatgysynda iriň döredýär we bu hem çaga üçin gaty howply ýagdaýa sebäp bolýar.

Şwesiýanyň Karolinska uniwersitetiniň ylmy barlagçylary, irki göwrelilik wagtynda bedeniň agyrlyk görkezijisi bilen çagalyk epilepsiýasynyň arabaglanyşygyny derňemek üçin 1,4 million bäbegi öz içine alýan giňgerimli bir işi amala aşyrypdyrlar.

Ylmy barlagda bedeniniň agyrlyk görkezijisi 35-40 sanyň arasynda bolan zenanlarda epilepsiýaly çaga dogma ähtimallygynyň ýüzden 82 derejedigi aýan bolýar.

Barlagçylaryň nygtamagyna görä, aşa semizlikden ejir çekýän göwreli zenanlaryň ýatgysyndaky bäbegiň beýnisiniň hem hut bu sebäpden zyýan görmegi ýokarlanýar.

Şwesiýaly alymlar epilepsiýanyň sebäbini şu wagta çenli dolulygyna düşündirmegiň mümkin bolmandygyny belleýärler. Ýöne bütin dünýäde eneleriň aşa semizlik derejesi soňky ýyllarda çalt depginde ýokarlanýar. Bu ýagdaý bäbegiň newrologiýa ösüşinde semizligiň täsiriniň bolup biljekdigi baradaky şübhäni hasam artdyrýar.

Barlagçylaryň bellemegine görä, kämillik ýaşyna ýeten zenanlarda aşa semizligiň öňüniň alynmagy, çagalykdan döreýän epilepsiýalaryň azalmagyna kömek edip biler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG