Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ, Orsýet gatnaşyklarynyň 'hemme wagtdakysyndan pesdigini' duýdurýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlar “Orsýet bilen düýpden oňşanok” diýdi we ikitaraplaýyn gatnaşykalryň “hemme wagtdakysyndan pes” bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Tramp bu sözleri 12-nji aprelde, döwlet sekretary Reks Tillerson Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşanyndan soň aýtdy. Tillersonyň Putin bilen duşuşygy prezident Trampyň adminstrasiýasy mahalynda rus we amerikan remileriniň iň ýokary derejede geçiren ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşikleri boldy.

"Işler ugruna boldy” diýip, NATO-nyň baş sekretary Jens Soltenberg metbugat ýygnagynda aýtdy. “Belki-de garaşylyşyndan hem gowy boldy.”

Tramp Putin bilen gatnaşyklary gowulandyryp boljagyna umyt bildirdi we “Biz näme bolýanyny göreris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp dünýäniň iki sany güýçli döwleti has gowy ylalaşsa, "munuň ajaýyp bir zat boljakdygyny” aýtdy we munuň “tersine bolmagynyň hem mümkindigini” duýdurdy.

"Edil häzir biz Orsýet bilen düýpden oňuşmaýarys. Biziň Orsýet bilen gatnaşyklarda hemme wagtdakysyndan pes derejede bolmagyzmyz mümkin” diýip, Tramp aýtdy.

Trampyň bu sözleri Moskwanyň geçen hepde güman edilýän himiki hüjüm bilen baglylykda prezident Başar al-Assadyň režimini goldamagy netijesinde gatnaşyklaryň dartgynlaşan wagtnyň yz ýanyna gabat geldi.

Damask we Moskwa 4-nji aprelde Siriýanyň piteneçileriň elindäki şäherinde onlarça adamyň ölümine sebäp bolan zäherli gazyň hökümet gozgalçylaryň kontrolyndaky himiki ýarag ammaryny bombalanda ýaýrandygyny aýdýar, emma Günbatar hökümetleri bu aýdylýany ret edýär.

Waşington güman edilýän himiki ýarag hüjümine Siriýanyň howa bazasyna ganatly raketa zarbasyny urmak bilen jogap berdi we bu ýagdaý Moskwany gazaba mündürdi.

Tillerson Moskwada Putin we ondan biraz öň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşip, žurnalistlere gatnaşyklaryň “pes derejededigini” aýtdy.

"Dünýäniň iň güýçli ýadro ýaragly döwletleri munuň ýaly gatnaşykda bolup bilmeýär” diýip, ol Lawrow bilen çykyş eden metbugat ýygnagynd aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri “bar bolan problemalaryň mukdaryna garamazdan, bu ýerde bilelikde işleşmegiň uly perspektiwalary bar” diýdi.

Ol Tillerson bilen iki tarapyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň “ynjyk” meseleleri bilen meşgullanýan ýörite wekilleri bellemek barada ylalaşyga gelendigini hem sözüne goşdy.

Tillerson iki ýurduň “kiçiräk meseleleri” utgaşdyrmak boýunça “işçi toparyny” döretmek barada ylalaşyga gelendiklerini aýtdy. Ol bu hyzmatdaşlygyň soňra iki tarapa “has çynlakaý problemalary” çözmäge ýardam edip biljekdigini hem sözüne goşdy.

Emma muňa garamazdan, iki tarapyň Tillersonyň saparyndan öň we sapar mahalynda özara igençlere sebäp bolan Siriýa meselesi barada pozisiýalaryny üýtgedendigini aňladýan alamat görünmedi.

Prezident Tramp Ak tamda bolan metbugat ýygnagynda Günbataryň harby ýaranlygynyň “indi möwritini ötüren däldigini” aýtdy. Ol ozal NATO-nyň maksadalaýyklygyny gaýta-gaýta şübhe astyna alypdy.

Ol NATO-nyň terrorizme garşy göreşdäki roluny öwdi we bu ýaranlygy “halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň daýanjy” atlandyrdy.

Tramp agza bolup durýan beýleki döwletleriň ýaranlygy maliýeleşdirmekde has kän iş etmelidigi baradaky çagyryşyny gaýtalady we “Ýewropa döwletleri bar bolan borçlaryny tölemeli” diýdi.

Şeýle-de ol ýaranlygy Yraga we Owaganystana kömek etmekde has köp tagalla etmäge çagyrdy.

Şu aralykda prezident Donald Tramp twitterde: "ABŞ bilen Orsýetiň arasynda hemme zat gowy bolar. Hemmeler wagty gelende özaklyna aýlanar we uzagyndan parahatçylyk bolar!” diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG