Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet prezident saýlawyny Krymyň alnan gününe geçirýär


 Prezident Wladimir Putun
Prezident Wladimir Putun

Orsýet 2018-nji ýylda prezident Wladimir Putune täze prezidentlik möhletini berer öýdülýän prezident saýlarlarynyň gününi 11-nji martdan 18-nji marta geçirmege taýýarlanýar, Orsýet bu günde özüniň Krymy Ukrainadan bölüp almagyny baýram edýär.

Döwlet dumasy 12-nji aprelde sene çalyşmasy baradaky kanun taslamasyny parlamentiň aşaky palatasyndaky üç ses berişligiň birinjisinde tassyk etdi.

Orsýetiň kanunynda prezident saýlawynyň, iş güni bolmasa, mart aýynyň ikinji ýekşenbesinde geçirilmelidigi aýdylýar. Eger ol iş güni bolsa, saýlaw bir hepde ir geçirilemli.

Kanun taslamasynyň awtorlary 11-nji martyň 8-nji mart – Halkara aýallar güni baýramçylygyndan soň iş güni boljakdygny aýdýarlar. Emma olar saýlawy bir hepde öňe geçirmän, 18-nji marta geçirmegi teklip edýärler.

Synçylar Kremliň saýlawy 18-nji marta geçirmek bilen, Putine ses berjek saýlawçylary köpeltjek bolýandygny çak edýärler. Sebäbi bu sene onuň 2014-nji ýylda Moskwanyň Krym ýarymadasyny Orsýetiň bir bölegine öwürmegi baradaky şertnama gol çeken güni bolup durýar.

XS
SM
MD
LG