Sepleriň elýeterliligi

Milliarder Usmanow Kreml tankytçysyny suda berýär


Rus tütjary Alişer Usmanow

Rus tütjary Alişer Usmanow oppozisiýa lideri Aleksandr Nawalnynyň üstünden suda töhmetçilik barada şikaýat edýär.

Moskwanyň Lýublino etrap sudy 13-nji aprelde Özbegistanda doglan milliarder Usmanowyň Nawalnyny we onuň korrupsiýa garşy göreşýän guramasyny “öz abraýyny we mertebesini goramak” baradaky arzasynda agzandygyny aýtdy.

Bu şikaýat arzasy Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň 2-nji martda premýer-ministr Dmitriý Medwedew we korrupsiýa barada çap eden hasabaty bilen bagly. Ol hasabat Usmanowyň Medwedew bilen baglanyşykly fonda gymmat bahaly emlägi mugtuna berendigi barada aýdylýanlary hem öz içine alýar.

Usmanow özüniň hiç hili ýalňyş iş etmändigini aýdýar.

Medwedewe garşy aýdylýan zatlar 26-njy martda Nawalnynyň gurmaçylygynda ýurt boýunça korrupsiýa garşy protest geçirmäge kömek etdi.

Bu protest üçin 15 gije-gündizlik tussag edilen Nawalny 12-nji iýunda täze protest geçirmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG