Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti kril hatyndan latyn hatyna geçmegi buýurdy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew häkimiýetlere 2017-nji ýylyň aýagyna çenli latyn harplary esasyndaky täze gazak elipbiýini týýarlamagy tabşyrdy.

Bu Gazagystanyň kril elipbiýi esasynda 80 ýyla golaý ulanan ozalky elipbýini üýtgetjekdigini aňladýar.

Bu buýruk Merkezi Aziýa ýurdunyň täze “strategik planynyň” bir bölegi bolup durýar. Prezidentiň plany 12-nji aprelde döwlet eýeçiligindäki “Egemen Gazagystan” gazetinde, diňe gazak dilinde çap edildi.

Nazarbaýew täze planda latyn harplary esasyndaky täze elipbiýi öwredýän okuw kitaplarynyň 2018-nji ýylda çap edilmelidigini we ony öwretjek mugallymlaryň taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Kril harplary esasyndaky köne elipbiý “geçiş möhletinde” – näbelli bir wagta çenli parallel ulanylar diýip, Nazarbaýewiň programmasynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG