Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Osýet Beslan pidalarynyň garyndaşlaryna 3 million ýewro tölemeli


Beslan pidasyna kömek edýän esger, 3-nji sentýabr, 2004
Beslan pidasyna kömek edýän esger, 3-nji sentýabr, 2004

Ýewropanyň Adam hukuklary sudy Orsýetiň Beslan şäherindäki mekdep gabawynda ölen 334 pidanyň garyndaşlaryna 3 million ýewro töwereginde pul tölemelidigi barada karar çykardy.

13-nji apreldäki kararda sud rus häkimiýetleriniň jeňçiler tarapyndan zamun alnan mekdepde öldüruilen okuwçylary, mugallymlary we beýlekileri goramagy başarmandygyny aýtdy.

Sud Orsýetiň pidalaryň 409 garyndaşyna 2,955,000 ewro tölemelidigini, sud çykdajylary üçin bolsa goşmaça 88,000 ýewro tölemelidigini aýtdy.

Orsýet bu karary bada-bat ýazgardy, onuň "kabul ederlik däldigini" aýtdy we üstünden şikaýat etjekdigini wadar berdi.

Köpüsi goňşy Inguşetiýadan we Çeçenistandan bolan jeňçiler 2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, okuw ýylynyň birinji gününde Demirgazyk Osetiýadaky mekdebe kürsäp urup, 1,200 çagany, olaryň ene-atalaryny, mekdep işgärlerini zamun aldy.

Pidalaryň köpüsi rus ýörite güýçleri mekdebe zabt eden wagtynda atyşyk we partlamalar netijesinde öldi. Pidalaryň 186-sy çagalar boldy.

XS
SM
MD
LG