Sepleriň elýeterliligi

Putin, Tillerson Tramp-Putin duşuşygyny maslahatlaşmady


Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow

Kreml rus prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Moskwadaky duşuşygy mahalynda Putin bilen prezident Donald Trampyň arasynda duşuşyk guralmagy barada maslahat edilmändigini aýtdy.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow bu barada žurnalistlere 13-nji aprelde aýtdy. Bir gün ozal ol Putiniň Tillerson bilen duşuşygynyň “örän konstruktiw” bolandygyny aýdypdy.

Putin ABŞ-Russiýa gatnaşyklarynyň “diýseň möhüm analizini” beýan etdi we onuň Trampa ýetiriljekdigine umyt baglaýar diýip, Peskow aýtdy.

Ol Putin bilen Tillerson Putin bilen Trampyň arasynda duşuşyk mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdymy diýip berlen soraga “ýok” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG