Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Ýumrulan "Gažanyň" ýerinde golf kluby gurlar


"Gaža" sebitindäki jaýlary ýumrulan ýaşaýjylar
"Gaža" sebitindäki jaýlary ýumrulan ýaşaýjylar

Türkmenistanyň paýtagtynda golf klubunyň gurulmagy planlaşdyrylýar.

Döwletiň gözegçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, golf kluby Aşgabadyň günorta-günbatarynda 70 gektar ýerde ýerleşer we bu ýerde halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler dörediler. Proýektiň bahasy we gurlup gutarmak üçin göz öňünde tutulan wagt möhleti resmi taýdan mälim edilmedi.

Bu habar Türkmenistanyň prezidentiniň golf boýunça ady belli amerikan ussady Jek Nikolaus bilen geçiren duşuşygynyň yzýanyna gabat geldi. 7-nji aprelde geçirilen gepleşigiň dowamynda, Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň perspektiwalarynyň maslahat edilendigi, Aşgabatda golf üçin meýdançanyň gurluşyk proýektiniň gidişi barada hasabat berlendigi resmi maglumatlarda aýdylýar.

“Nikolaus dizaýn” kompaniýasynyň başlygy Jek Nikolaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek niýetini birnäçe ýyl mundan öň mälim edipdi. “Biz özümiziň bu ugurdaky baý tejribämiziň kömegi bilen iň gowy, iň ýokary hilli golf meýdanyny gurarys” diýip, Jek Nikolaus 2015-nji ýylyň 7-nji maýynda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýdypdy.

Aşgabatda göz öňünde tutulýan golf meýdançasynda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin, dünýä standartlaryna laýyk şertleriň dörediljekdigi, tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygy habar berildi.

Türkmenistan gurak howaly çöllük ýurdy bolup durýar. Ýurduň giňişliginiň 80%-ni Garagum çöli eýeleýär.

Resmi maglumata görä, Aşgabatda golf kluby bilen bilelikde, 630 gektar ýerde bag-bakjaly park zolagy dörediler, şeýle-de onlarça köpgatly ýaşaýyş jaýy we 200 hususy jaýy, 11 sany söwda merkezi dörediler.

Aşgabatda uly göwrümli täze gurluşyklary amala aşyrmak boýunça resmi planyň yglan edilmegi şäheriň dürli böleklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulýan wagtyna gabat geldi.

Hususan-da, ýakynda Aşgabadyň Hitrowka diýlip atlandyrylýan etrabynda Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde (öňki Griboýedow) ýaşaýyş we edara jaýlarynyň birnäçesiniň ýumrulandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berdiler.

Mundan öň, ýanwar aýynda Aşgabadyň “8-nji mart” diýlip atlandyrylýan etrabynda Ýolöten, Gowurdak, Ospenko köçelerinde we töwerek-daşynda ýüzden gowak ýaşaýyş jaýyň ýumrulýandygy habar berlipdi.

Aşgabatda Golf klubunyň paýtagtyň il içinde Gaža diýlip tanalýan etrapda ýumrulan ýaşaýyş jaýlaryň ýerinde guruljakdygyny “Türkmenistanyň Hronikasy” atly neşir belleýär we bu ýerde ýaşan adamlaryň başga etraplara göçürilendigini aýdýar. “Aşgabadyň gowy etrabyndan täze jaý almak üçin, 1000-5000 amerikan dollary aralygynda para bermeli” diýip, neşir habar berýär.

Aşgabatda golf kluby we täze park bilen bilekde guruljagy aýdylýan ýaşaýyş jaýlaryň öýi ýykylan raýatlaryň jaý üpjünçiligine nä derejede täsir ýetirjegi resmi maglumatlarda habar berilmeýär. Aşgabadyň häkimiýetleri hem bu meseläni kommentirlemeýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň köpüsi ýykylan we indi ýykyljak jaýlary üçin özlerine täze jaý ýa-da öwezine pul kompensasiýasynyň berilmejegini resmileriň aýdandygyny habar berdiler.

Aşgabatda soňky 20 ýyla golaý döwrüň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy yzygiderli amala aşyrylýar.

Soňky ýyllarda iň uly göwrümli jaý ýykylyşygynyň çäginde 2015-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda we Şorda umumy hasapdan 15 müň çemesi ýaşaýyş jaýy ýykyldy.

XS
SM
MD
LG