Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'Azady' metjidiniň ýeri daraldylýar


Azady metjidi, Aşgabat, 13-nji aprel, 2017.
Azady metjidi, Aşgabat, 13-nji aprel, 2017.

Azady metjidiniň derwezesi ýykylýar Aşgabadyň Hitrowka raýonynda ozalky Griboýedow, häzirki Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen ozalky Mir, häzirki Andalyp köçesiniň çatrygynda, Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda gurlan Azady metjidiniň daşky haýatlary we derwezesi ýumrulýar.

Bu etrabyň ýaşaýjysy, 70 ýaşly pensioner Orazmyrat aganyň aýtmagyna görä, Azady metjidiniň haýatlaryna we derwezesine zeper ýetirilmegine Andalyp hem-de Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň giňeldilmegi, bu çatrykda aýlawly ýol we çatrygyň ortasynda gurlan bina sebäp bolupdyr.

“Her näme-de bolsa, metjidi ýykmadylar. Onuň ozalky derwezesini we daşynyň haýatlaryny ýykyp, ony bir metre golaý içe süýşürmeli etdiler. Munuň üçin biz Taňrydan müňde bir razy, bahana bilen ýumrulmaly diýenlerinde hem elimizden geljek çäre bolmazdy” diýip, Orazmyrat aga aýdýar.

Aşgabady özgerdip gurmak bahanasy bilen, başga-da birnäçe sebäplere görä, soňky 10-15 ýylyň dowamynda Aşgabatda halkyň öz hasabyna, haýyr-sahabatyň hasabyna ýygnalan pula gurlan metjitleriň 7-8 sanysynyň ýumrulandygyny aýdyp, onuň öwezine kompensasiýa-da berilmän, hatda başga ýerden täze metjit gurmaga ýer hem görkezilmän, metjitleriň ýumrulandygny söhbetdeşlige goşulan hitrowkaly Batyr aga hem nygtaýar.

Soňky ýyllarda ýumrulan metjitleriň hatarynda Garadamagyň metjidini, Ýolöten köçesinde gurlan we ‘nohurlylaryň metjidi’ adyny alan Aksa metjidi hem başga-da birnäçe metjitleri agzasa boljakdygyny ol sözüne goşýar.

Ozal bir tarapy boşluk bolan Azady metjidiniň howlusynyň öňündäki meýdança ýoluň giňeldilen ýerlerine düşse-de, onyň häzirki derwezesiniň we demir haýatlarynyň ýumrulyp durmagy hem adamlaryň ýüregini agyrdýandygy aýdylýar.

Şol derwezäni ýarym metr aňry süýşürmek üçin, näçe azap çekilip weýrançylyk edilýär. Şol bir metr ýaly ýer bolmanda-da, metjidiň öňündäki täze ýanýodanyň o diýen darlyk etmeýändigini hem ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Bizde ýöne ýumurmaly diýilse, ýolbaşçylaryň gözi açylýana meňzeýär. Hiç zada ýürekleri agrymaýar. Ynha, nebir nagyşlanyp gurlan belent derweze ýer bilen ýegsan edilip dur. Özem bu işler döwletiň hasabyna däl-de, metjidiň haýyr-sahabadynyň hasabyna edilýär” diýip, Orazmyrat aga aýdýar.

Şol bir wagtda metjidiň howlusynda ösüp ýetişen daragtlara hem zeper ýetirilendigini, birnäçe agaçlaryň çapylandygyny hem görse bolýar.

Metjidiň golaýynda täze binanyň gurulýandygyna garamazdan, metjidiň meýdançasynyň daralmagy bilen onuň daş-töwereginde awtoulag barar ýaly boş ýeriň asla galmandygyny hem aýdýarlar.

“Metjide barýan ýaşaýjylaryň arasynda garrylar, aýak agyrlylar hem kän. Garrylary ol ýere ulagly eltmek mümkinçiligi has azaldy. Juma namazy okalýan günleri metjitde adam has köpelýär. Şol günler adamlar üçin has kynçylyk bolar” diýip, bu metjide gelýänler nygtaýarlar.

Şeýle-de bolsa, metjidiň düýbünden ýumurylman galandygyna bu metjidiň gurluşygyna goşant goşanlaram, häzir ol ýere baryp, öz musulmançylyk borçlaryny ýerine ýetirýänlerem begenýärler.

10-a golaý ýumrulan metjidiň ornuna bolsa, häzirki wagtda Parahat-7 ýaşaýyş massiwinde bir metjidiň gurluşygnyň alnyp barylýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG