Sepleriň elýeterliligi

Kärhanalar giňeldilýär, daýhanlar 'ygtyýarsyzlygyna galýar'


Tejen. Zeýkeşiň boýundaky oglan

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky “Serdar” kärhanasynda açylan täze bölümiň her ýyl işilen nah ýüplügiň 1300 tonnasyny öndürmäge niýetlenendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, täze önümçilik Şweýsariýanyň “SSM” we Germaniýanyň “Saurer” kompaniýalarynyň enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky döwürde ýerleriň şorladylmagyndan, hasyllylygyň pesliginden yzygiderli nägilelik bildirýär, ýolbaşçy kadrlary çalyşýar.

Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar bu ýerde meseläniň oba adamlarynyň ýeterlik derejede höweslendirilmezligi, ýagny gazanç etmek mümkinçiliginiň pesligi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Eýsem bu ýerde hakyky bökdençlik nämede?

Azatlyk radiosy Türkmenistanda daýhanlar we pagta önümçiligi barada ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG