Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Uniwersitetde dine dil ýetirmekde aýyplanan student öldürildi


Abdul Wali Han uniwersitetinde studentiň öldürilen ýeri, Mardan, 13-nji aprel, 2017

Pakistanyň demirgazygynda märeke dine dil ýetiren bolmagyny güman edip uniwersitetiň studentini öldürdi.

Uniwersitetiň we polisiýanyň resmileri Mardan şäherinde Abdul Wali Han uniwersitetinde studentleriň bir toparynyň okuw jaýynyň binasynda Maşal Han atly studenti sosial mediada dine dil ýetirýän mazmunly maglumaty paýlaşmakda aýyplap, urup öldürendigini habar berdiler.

Hüjümiň wideosynda 23 ýaşly Maşalyň ýerde ýatandygy we daşyndaky adamlaryň ony taýak bilen ýenjýändigi görkezilýär.

Hüjümde güman edilýän azyndan 10 adam tussag edildi, diýip ýerli polisiýa habar berdi.

Pakistanda dine dil ýetirmeklik ölüm jezasyny göz öňünde tutýan jenaýatçylyk hasaplanýar. Barlag we Howpsuzlyk merkeziniň maglumatyna görä, ýurtda 1990-njy ýyldan bäri azyndan 65 adam dine dil ýetirmek aýyplamasynyň esasynda ölüm jezasyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG