Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystana iň uly ýadro bolmadyk bombasyny taşlady


Birleşen Ştatlaryň “GBU-43/B Massive Ordnance Air Blast Bomb” (MOAB) kysymly bombasy.

Birleşen Ştatlar özüniň Owganystandaky güýçleriniň bu ýurtda “Yslam döwleti” tarapyndan ulanylýan tunel toplumyna 9,800 kilogram agyrlygyndaky bombany taşlandygyny aýdýar.

“GBU-43/B Massive Ordnance Air Blast Bomb” (MOAB) kysymly ýa-da “bombalaryň enesi” diýlip atlandyrylýan bu bomba häzire çenli Birleşen Ştatlar tarapyndan konfliktde ulanylan iň uly ýadro bolmadyk bombadyr.

13-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri tarapyndan ýaýradylan beýanatda “GBU-43/B” kysymly bombanyň “Yslam döwleti” toparynyň Açin etrabyndaky tunel toplumyna taşlanandygy mälim edildi. Bu etrap Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýär.

Pentagon “GBU-43/B” kysymly bombanyň ilkinji gezek uruşda ulanylandygyny aýtdy.

Pentagonyň metbugat wekili bombanyň “MC-130” kysymly transport uçaryndan taşlanandygyny aýtdy.

14-nji aprelde Owganystanyň Goranmak ministrligi bombanyň netijesinde “Yslam döwleti” toparynyň 36 söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.

Bu howa zarbasy geçen hepde Nangarhar welaýatynda “Yslam döwletiniň” söweşijileri bilen bolan çaknyşyklarda Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň bir esgeriniň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu bomba hüjüminde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň “ABŞ-nyň harby maslahatçylaryny we owgan güýçlerini nyşana almak üçin olaryň bu territoriýada erkin hereket etmegine mümkinçilik döredýän” tuneller we gowaklar ulgamy nyşana alyndy diýip, Ak tamyň metbugat wekili Sean Spicer aýtdy.

Şeýle-de, Spicer wakada parahat ilatdan ýaşaýjylaryň heläk bolmagynyň we ýany bilen bolup biläýjek heläkçilikleriň öňüni almak üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini belledi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp taşlanan bombanyň “ýene bir örän, örän üstünlikli missiýa” bolandygyny habarçylara beren maglumatynda aýtdy.

Ol bombany ulanmak üçin özüniň tabşyryk berip-bermändigi barada berlen soraga gös-göni jogap bermedi.

“Hemme kim näme bolanyny anyk bilýär. Meniň edýän işim harbylara ygtyýarlyk bermekden ybarat. Biz olara doly ygtyýarlyk berdik” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti aýtdy.

Bu bombanyň taşlanmagy Demirgazyk Koreýa yşarat bolarmy diýip soralanda, Tramp: “Men onuň yşarat boljagyny-bolmajagyny bilemok. Onsoňam onuň yşarat bolup-bolmanynyň hiç bir tapawudy hem ýok” diýdi.

Şeýle-de, ol Demirgazyk Koreýa krizisini özüniň we Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň bilelikde çözjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Geçen hepde Floridada Tramp hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen duşuşanda, Hytaýy Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasyny çäklendirmek üçin has köp iş etmäge çagyrdy.

“GBU-43/B Massive Ordnance Air Blast Bomb” (MOAB) kysymly bomba Yrakda uruşda ulanmak üçin ýasalypdy. Onuň bahasynyň 16 million amerikan dollaryna barabardygy habar berilýär.

Bu bomba ilkinji gezek 2003-nji ýylda synagdan geçirilip, ýöne şu ýylyň 13-nji apreline çenli hiç haçan uruş hereketlerinde ulanylmandy.

“MOAB” kysymly bomba Birleşen Ştatlaryň armiýasynyň iň uly ýadro bolmadyk bombasy bolman, “Massive Ordnance Penetrator” (MOP) kysymly bomba mundan hem uludyr. Onuň agramy 13,600 kilograma deň.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG