Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Fransiýa Assadyň aýdanlaryny ret etdiler


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň geçen hepdede hökümet güýçleriniň himiki ýaragyny ulanandygy baradaky aýyplamalar “100 prosent galp” diýip, aýdanlaryny ret etdi we Damasky hem onuň ýarany Moskwany “hakykaty gizlemekde” aýyplady. Assadyň 13-nji aprelde Fransiýanyň AFP agentligine beren interwýusynda aýtmagyna görä, hökümet ähli himiki ýaraglaryny tabşyrypdyr.

“Hiç bir hüjümi amala aşyrmaga görkezme bolmandy, bizde hiç hili himiki ýarag ýok, biz öz ýaraglarymyzdan birnäçe ýyl mundan el çekdik”, diýip Assad Damaskda AFP agentligine aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Mark Toner Siriýanyň lideriniň aýdanlary “ýagdaýy bulaşdyrmak” synanyşygy diýip aýtdy.

“Soňky hüjümleriň we Idlibde bolan himiki ýaragly hüjümiň Siriýanyň hökümeti, Siriýanyň režimi tarapyndan amala aşyrylan bolmagyna hiç hili şübhe ýok we bu diňe bir uruş kanunlarynyň depelenmegi bolman, biz muny uruş jenaýatçylygy hasaplaýarys” diýdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jan-Mark Ero (Jean-Marc Ayrault) Assadyň sözlän sözi “100 prosent ýalan” diýip, 14-nji aprelde Pekine eden saparynyň dowamynda aýtdy.

Siriýanyň hökümeti we ýurtda alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda Assadyň esasy ýarany Orsýet 4-nji aprelde gozgalaňçylaryň elindäki şäherde 80 adamyň ölümine sebäp bolan zäherli gazyň hökümetiň atan bombalarynyň gozgalaňçylara degişli himiki ýaragly ambara düşmeginiň netijesinde ýaýrandygyny aýdýarlar. Günbatar muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG