Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Äpet bomba 94 jeňçini öldürdi


 GBU-43/B bombasy
GBU-43/B bombasy

Owgan resmileri Birleşen Ştatlaryň şu wagta çenli ulanan iň uly ýadro däl bombasynyň “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileriniň 94-sini öldürendigini aýdýarlar.

“Bombalaryň enesi” diýlip at berlen GBU-43/B bombasy 13-nj aprelde ilkinji gezek söweşde ulanylyp, günortadaky Nangarhar welaýatynda YD pozisiýalaryna taşlandy.

Welaýat gubernatory Muhammad Ismail Şinwari 15-nji aprelde öldürilen jeňçileriň arasynda dört sany esasy serkerdäniň hem bardygyny aýtdy.

Ol bomba pidalarynyň arasynda asuda adamlaryň ýokdugyny, sebäbi bu ýerde ýaşaýan ilatyň owgan harbylary tarapyndan öňünden ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Bu uly bomba soňky hepde söweşler möwjäp, 8-nji aprelde ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň bir esgeri wepat bolanyndan soň getirildi.

Prezident Aşraf Gani bu çäräni goldady we onuň owgan güýçleriniň sebitde alyp barýan arassalaýyş çärelerine goldaw boljakdygny aýtdy. Emma öňki prezident Hamid Karzeý owgan topragyna beýle bombanyň taşlanmagyny ýazgardy.

XS
SM
MD
LG