Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe prezident ygtyýarlyklary baradaky referenduma barýar


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Konýada goldawçylarynyň öňünde söz sözleýär, 14-nji aprel, 2017

Türkiýe 16-njy aprelde prezident Rejep Taýyp Erdogana goşamaça ygtyýarlyk berjek we ýurduň dolandyryş sistemasyny üýtgetjek referendum kampaniýasynyň soňky gününi geçirýär.

Bu referendum iýulda ýurduň harby agzalarynyň başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň girizilen adatdan daşary ýagdaý şertlerinde geçirilýär.

Onlarça müň adam, şol sanda žurnalistler türmä basyldy, metbugat neşirleri ýapyldy. Bu referenduma garşylyk bolsa, işjeňliklere girizilen çäklendirmeler we metbugatda Erdoganyň haýryna birtaraplylyk edilmegi netijesinde gowşadyldy diýip, synçylar, şol sanda ÝHHG aýdýar.

Erdoganyň tarapdarlary teklip edilýän sistemanyň demokratiýany we durnuklylygy kämilleşdirjekdigini aýdýarlar, emma tankytçylar onuň saklawy we deňagramlygygy bozjakdygyny, şol sanda parlamentiň roluny gowşatjakdyggyny, sudlary syýasylaşadyryp, prezidentiň edarasyna has kän ygtyýar berjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG